Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak deputaty döwlet resminamalaryndan “elbasy” adalgany aýyrmagy talap etdi


Nursoltan Nazarbaýew (arhiw suraty)
Nursoltan Nazarbaýew (arhiw suraty)

Gazagystanyň Mejlisiniň deputaty ýurduň jenaýat kodeksinden Nursoltan Nazarbaýew bilen baglanyşykly ähli bellikleri aýyrmagy talap etdi. Kanunçykaryjy Kazybek Isa döwlet resminamalarynda entegem “elbasy” diýen adalganyň ulanylýandygyna nägilelik bildirdi. Gazagystanyň öňki prezidentine resmi ýagdaýda berlen bu titul türkmençä “milletiň lideri” diýip terjime edilýär.

Nursoltan Nazarbaýewiň häzir döwletde hiç hili ygtyýary ýok bolsa-da, “elbasy” adalgasy entegem jenaýat kodeksiniň käbir böleklerinde, hususan-da, amnistiýa hakyndaky kanunyň 13-nji maddasynda duş gelýär. Deputat täze häkimiýetler döwründe munuň kabul ederliksizdigini aýtdy.

“‘Elbasy’ termini 2000-nji ýylyň 20-nji iýulynda kanuny taýdan tassyklanyldy. Bu bary-ýogy 18 minutda amal edildi. Emma 2023-nji ýylyň ýanwarynda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşy bu kanuny ýatyrdy. Indi näme sebäpden täze kanunlarda entegem ‘elbasy’ adalgasy ulanylýar? Näme üçin ýönekeýje ‘öňki prezident’ diýilmeýär?” diýip, Kazybek Isa sorag bilen ýüzlendi.

Isa berlen jogapda, öňki prezidentiň adynyň resmi dokumentlerde entegem ulanylýandygyna eýýäm üns berlendigi, we gysga wagtda onuň jenaýat kodeksinden doly aýryljakdygy mälim edildi.

XS
SM
MD
LG