Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Odessa dronlar bilen hüjüm etdi


Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Odessa uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň 20-nji iýuna geçilýän gije Ukrainanyň Odessa şäherine eden giň gerimli dron hüjümlerinden soň, köp gatly ýaşaýyş jaýyndan 600 adam ewakuasiýa edildi. Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, rus dronlary şäherde ondan gowrak desgany nyşana aldy. Hüjümde şäheriň birnäçe sebitinde ýangyn ýüze çykdy, ondan gowrak adam ýaralandy.

Hüjümde ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, administratiw binalara hem zeper ýetdi. Şeýle-de, şäheriň demir ýol wokzalyndaky infrastruktura zyýan ýetdi.

Öten agşamyň dowamynda Harkiw şäherine edilen dron hüjümi netijesinde dört adam ýaralandy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, gijäniň dowamynda ýurda jemi 86 dron bilen hüjüm edildi. Ukrain tarapy pilotsyz enjamlaryň 70-den gowragynyň ýok edilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG