Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň Eýrandaky ýagdaýlara goşulmagy barada “iki hepdäniň dowamynda” karar berjekdigini mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Ak Tamyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda dowam edýän konflikte Birleşen Ştatlaryň gönümel gatnaşmagy baradaky kararyny “geljek iki hepdäniň dowamynda” kabul eder. Bu aralykda, Ysraýyl Eýranyň ýadro we ballistik raketa desgalaryna garşy goşmaça zarbalary urjakdygy bilen haýbat atdy. Häzirki wagtda gapma-garşylygyň gowşamak alamatlary görnenok.

“Eýranyň ýakyn geljekde gepleşiklere başlamak ähtimallyk mümkinçiliklerinden ugur alyp, men iki hepdäniň dowamynda konflikte goşulmak ýa goşulmazlyk baradaky kararymy kabul ederin” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Kerolaýn Lewitt, 19-njy iýunda Trampyň ýörite beýanatyny okady.

Pentagon ozal Eýrandan Ysraýyla atylan raketalary urmaga kömek berendigini ykrar etdi, emma Eýrana garşy göni hüjüm operasiýalaryna gatnaşmaýandygyny belläp gelýär.

ABŞ-nyň bu beýanaty Ženewada Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýokary derejeli diplomatlarynyň Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen meýilleşdirilen gepleşiginiň öňüsyrasynda mälim edildi.

Kerolaýn Lewitt metbugat ýygnagynda prezident Trampyň Tähran bilen diplomatik çözgüdi öňe ilerledýändigini, ýöne onuň esasy maksadynyň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almakdygyny aýtdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Kerolaýn Lewitt 19-njy iýunda metbugat brifingini geçirýär.
Ak Tamyň metbugat wekili Kerolaýn Lewitt 19-njy iýunda metbugat brifingini geçirýär.

Lewitt şeýle hem Trampyň Eýran bilen geljekde baglaşyljak islendik şertnamanyň çäginde uranyň baýlaşdyrylmagyny gadagan etmek we Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygyny kepillendirmek baradaky talaplaryny gaýtalady. Eýran bolsa ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlydygyny öňe sürýär we uran baýlaşdyrmagy gadagan etmek baradaky islendik şertnamany häzire çenli ret edip gelýär.

“Prezident hemişe diplomatik çözgüdi goldaýar. Ol parahatçylygy mäkämlik arkaly üpjün edýän liderdir. Diplomatik mümkinçilik dörese, prezident hemişe şol ýoly saýlar” diýip Lewitt aýtdy.

Şeýle-de, ol žurnalistlere: “Ýöne prezident güýç ulanmakdan hem çekinmeýär” diýip belledi.

Tramp Truth Social platformasyndaky ýazgysynda, The Wall Street Journal gazetinde çap bolan makala salgylanyp, ýaranlaryna Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerine goşulmak üçin ABŞ güýçleriniň meýilnamasyny tassyklandygyny, emma onuň häzirki wagtda Eýranyň ýadro programmasyndan ýüz öwürmegi mümkinçiligini gözleýändigi baradaky habary inkär etdi.

“The Wall Street Journal-yň meniň Eýran barada pikirlerim hakda hiç hili düşünjesi ýok!” diýip Tramp ýazdy.

Şeýle-de, Bloomberg agentligi, çeşmelerine salgylanyp, ABŞ resmileriniň ýakyn günlerde, belki-de dynç günlerinde Eýrana garşy mümkin bolan zarbalara taýýarlanýandygyny habar beripdi.

18-nji iýunda žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Tramp, özüniň “Eýran bilen söweşmegi göz öňünde tutmaýandygyny”, ýöne Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin üçin şeýle operasiýalary amala aşyrmaga mejbur bolup biljekdigini aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu telewideniýede eden çykyşynda, Ysraýylyň Eýranyň ähli ýadro desgalaryna zarba urmaga “mümkinçiliginiň bardygyny”, emma “islendik kömegiň hoşniýetlilik bilen kabul ediljekdigini” aýtdy.

“Tramp Amerikanyň bähbidine laýyk hereket eder, men bolsa Ysraýylyň bähbidine laýyk hereket ederin” diýip Netanýahu belledi.

19-njy iýunda Ysraýyl, şol gün ir bilen Eýranyň raketa zarbalary netijesinde hassahana zeper ýetenden soň, Eýranyň ýadro we raketa wehimlerini ýok etmek barada wada berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG